EKOLOGIÝA WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak häzirki wagtda dünýä döwletleriniň öňünde duran ählumumy wezipeleriň biri bolup durýar. Global ýylylyk, howanyň üýtgemegi, çölleşme, suw ýetmezçiligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini bu ugurda bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge mejbur edýär. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramak ugrunda ylmy esasly we netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler diňe bir tebigaty saklamak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň sagdyn ösüşine, ykdysady durnuklylyga we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, zyňyndylary azaltmak we gaýtadan işlemek ýaly çäreler häzirkizaman ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.

Şeýle hem, bulary durmuşa ornaşdyrmaga raýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşlaryň we telekeçileriň işjeň gatnaşmagy möhüm orny eýeleýär. Çünki daşky gurşaw – bu diňe bir döwletiň däl, eýsem her bir adamyň jogapkärçilikli çemeleşmegini talap edýän umumy baýlykdyr.

Bahargül HALILOWA,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar