TARYHY WAKALARA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda geçirilen duşuşyk Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalaryna bagyşlandy.

Welaýat we etrap Ýaşlar guramalarynyň işgärleriniň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary ruhubelentlikde geçen duşuşygyň dowamynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparlarynyň taryhy ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy —  «Ýokary derejeli dostluk» («Oliý Daražali Dustlik») ordeni bilen sylaglanylmagy ulus-ilimizi juda begendirdi—diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan sergä aýlanyp gördüler hem-de olardan uly täsirleri aldylar.

Wepa ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar