“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasy hem-de “Türkmensport” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Aşgabat köpugurly stadionynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işler, döredilýän mümkinçilikler, ýaşlarymyzyň bu günki gün halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, 2025-nji ýylyň maý aýynyň 4-ine Aşgabat şäherinde geçiriljek “Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi” atly sport marafony barada giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri kemala getirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini beýan etdiler.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 8 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 7 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR