WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň işgärleriniň gatnaşmagynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli «Watan – başymyzyň täji» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Ýeňiş güni mynasybetli hemmeleri gutlap, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan pederlerimiziň batyrlygyny, olaryň gaýduwsyzlygyny, watany goramakda şirin janyny aýaman görkezen edermenliklerini uly buýsanç bilen ýatlap, olaryň görkezen gahrymançylygynyň ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR