Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bu günki dokma senagaty hem yzygiderli ösdürilýär. Dokma pudagynda ornaşdyrylan ýokary hilli enjamlar arassa pagtadan jana şypaly önümleri öndürmäge uly mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma önümlerine dünýä ýüzünde uly isleg bildirilýär. 2025-nji ýylyň 11-13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegine garaşylýar. Sergi dokma enjamlary, tebigy süýümleriň gaýtadan işlenilmegi, egin-eşik we aýakgaplar, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk bölekler we kömekçi materiallar, himiki serişdeler we boýaglar, goşmaça bezeg önümleri, şeýle hem iň täze hem-de “know-how” tehnologiýalar ýaly ugurlary we bölümleri öz içine alar. Bu halkara sergi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly ähmiýetli meýdança öwrüler.
Türkmen ýaşlarynyň döredijilikli we halal zähmet çekmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.