Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 59-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi hem-de etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 52-53-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen “Bilimli, türkmen ýaşlary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda, orta mekdep okuwçylarynyň ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ýurdumyzda öňde goýulan esasy maksatlaryň biridigi dogrusynda gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.