Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda ata-babalarymyzdan miras galan asylly gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, «Milli terbiýe-asylly ýörelge» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary terbiýelemekde türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlyklaryndan, edebi mirasyndan ugur alynýandygy, häzirki döwürde ýaşlaryň milli ýörelgelerimize, gadymdan gelýän gymmatlyklarymyza uly üns berýändigi, terbiýäniň bolsa, aglaba böleginiň maşgalanyň paýyna düşýändigi barada täsirli çykyşlara uly orun berildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetini ösdürmek, baý gymmatlyklaryny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akgül HYDYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.