Asman-Zemin arada goşalanýar toýlarymyz,
Göwün ganýar göwünden, abadandyr öýlerimiz,
Bagt eçilýär mydama täze dogan aýlarymyz,
Agzybirlik göwünleriň müdimilik öýdümi,
Bitaraplyk, parahatlyk baky bagtyň aýdymy!
Parladyp ýaşyl baýdagy, ýüze sylyp hemişe
Höwes bilen, hyjuw bilen başlaýarys her işe,
Arkadagyň öwütleri göreldedir her işde,
Agzybirlik göwünleriň müdimilik öýdümi,
Bitaraplyk, parahatlyk baky bagtyň aýdymy!
Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni beýik ösüşlere, toýdur baýramlara beslenýär. Gözel Diýarymyzda toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelmegi bolsa indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni dabaraly çäreler bilen giňden bellenilýär. Watanymyzyň şu günki bagtyýar raýatlaryna we geljekki nesillerine döwlet nyşanlaryna hormat goýmagy borç saýmagy öwretmekde bu şanly senäniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu goşa baýram merdana halkymyzyň jebisligini, berkararlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny şöhlelendirýär. Şeýle mukaddes düşünjeleriň gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzyň çar künjeginde toý-dabaralaryň tutumy uludan tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň toplumynda döwletliligiň esasy alamaty bolan Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegi we bu işe ähli raýatlaryň işjeň gatnaşmagy türkmen jemgyýetiniň ösüşe ukyplydygyny alamatlandyrýar. Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň gönezliginde ynsanperwerligiň, adama hormatyň we söýginiň bardygyny buýsanç bilen bellemek bolar.
Abadan we adalatly durmuşy üpjün etmekde berk binýat bolýan esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bu gün ýurdumyzyň ösüşleriniň özenini düzýän mukaddeslikleriň biri hökmünde orta çykýar. Milli Tugumyzyň parahat, dury asmanymyzda asuda hem buýsançly parlaýan belentliginden ýetilen sepgitlere ser salsak, türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýäniň ähli halklaryny hem buýsandyrýandygyny görmek bolýar. Şeýle bolansoň, parasatly pederlerimizden bize “Adam edebinden tanalar, ýurt – Tugundan” diýen pähim gelip ýetipdir.
Türkmenler mukaddes Baýdagyny goramagy, oňa tagzym etmegi hemişe ýokary mertebe hasaplapdyrlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň Baýdagy merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini özara sazlaşykly şöhlelendirýändigi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys» diýip belleýär. Täze taryhy döwürde ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Döwlet Baýdagy şol ösüşleriň nyşany hökmünde belentde parlaýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yglan etmegi bilen, milli Baýdagymyzda Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan nyşan peýda boldy. 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gölli goýy gyzyl zolagynyň aşaky bölegine zeýtun agajygynyň iki sany kesişýän pudajygy salyndy. Bu gün dünýä halklary jenneti mekana öwrülen eziz Watanymyzyň Baýdagyna haýran galmak bilen garaýarlar. Täze taryhy döwrümizde ýaşyl Tugumyzyň dünýäniň ähli künjeginde, BMG-niň belent binasynyň öňünde pasyrdap durmagy ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Belentlikde parlaýan mukaddes Baýdagymyza buýsançly bakyp, onda halkymyzyň şöhratly geçmişini, häzirki ajaýyp zamanyny, nurana geljegi görýäris. Baýdagy bar bolsa millet bar, döwleti bar bolsa Watany bardyr.
Asuda we parahat asmanda belentden parlaýan ýaşyl tugumyz, baş kanunymyz Konstitusiýamyz beýik işlere galkyndyrýan, köňüllere ylham-joşgun berýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Bu mukaddeslikleri gorap saklamak we gadyr-gymmatyny bütin dünýä wagyz etmek bolsa biz ýaşlaryň borjumyzdyr.
Türkmen halkyna şeýle asuda we bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,
TMÝG-niň işjeň agzasy.