Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäräniň dowamynda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Döwran MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.