“AKYLLY ÖÝ” — GELJEGIŇ ÖÝI

Häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda “akylly öýleriň” giňden ýaýramagy, täze bir döwri açýar. Bu intellektual ulgamlaryň, eýesini tanap, ses bilen dolandyryşyny üpjün edýän aýratynlyklary, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen bir hatarda, ýokary howpsuzlyk we amatlylyk döredýär. Mundan başga-da, bu ulgamlar döwlet tarapyndan adamlar üçin döredilen we olaryň rahat durmuşyny üpjün edýän çözgütleriň işlenip düzülendigini görkezýär.

Bu ugurda geçirilen barlaglar, “akylly öýler” üçin dürli sensor ulgamlarynyň synaglaryny we olary ornaşdyrmak, mümkin bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça möhüm işleriň geçirilendigini görkezýär. Mysal üçin, elektrik energiýasyny ýa-da ýagtylygy dolandyrýan enjamlaryň uzakdan dolandyrylyşy ýaly ulgamlar işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesidir. Amala aşyrylýan bu tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda ajaýyp künjegimizde Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän bu binagärlik eseri, döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlan Arkadag şäheri sanly ulgamlara, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tilsimatlaryna esaslanýan «akylly» şäherdir.

Bu ýerde tebigat bilen adamyň özara gatnaşygyna, şeýle hem ekologik abadançylyga aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirkizaman tehnologiýalaryň işe girizilmegi ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýde we edaralarda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başgada, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumynyň gurnalmagy bularyň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk agentligi” tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde 5G tehnologiýasyny Arkadag şäherine synag görnüşinde goýbermek üçin netijeli işler ýola goýulýar.

Bulardan başga-da, 5G “akylly öý” ulgamy hökmünde durmuş şertleriniň biri-biri bilen çalt we päsgelçiliksiz aragatnaşyk saklamagy üçin ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän zerur birikme bolup hyzmat eder.

“Akylly” şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalypdyr. Arkadag şäherindäki «akylly» ýolyşyk gije-gündiziň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde, jemgyýetçilik ýerlerinde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmekde ýüze çykan hadysa boýunça dessine degişli işleri geçirmek, ol barada degişli gulluklara habar bermek, maglumatlary ýygnamak, «akylly» wideogözegçilik ulgamy çatryklarda ýagdaýy hakyky wagtda seljerer ýaly awtoulaglaryň hereketiniň köplüginiň derejesini kesgitlemek we merkezi dolandyryşa maglumat ibermek maksady bilen ýola goýulupdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň meýilnamasyna laýyklykda, ýörite Kanun bilen döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, lukmançylyk we medeni, sport desgalary we inžener ulgamlary ýaly döwrebap binalar gurlan “akylly şäherdir”. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydyr.

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Jennet BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar