Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 13-14-nji maýynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi.
Bu maslahat howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtynda dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 250 wekiliýetiň gatnaşmagynda, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkär Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli döwlet işgärleri, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri, raýat jemgyýetleri, Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we ýaş hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny jemläp, pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Maslahatyň maksady ileri tutulýan milli ugurlary sebit we bütindünýä howa meýilnamasy bilen birleşdirýän anyk meýilnamalary, şol sanda COP29 we COP30-da kabul edilen borçnamalary işläp düzmek, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça sebit strategiýasyny durmuşa geçirmekdir. Edilen çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen baglylykda sebitde suw gorlarynyň azalmagy, çölleşmä garşy çäreler, buzluklaryň eremegi ýaly meseleler boýunça garaýyşlar beýan edildi.
Maslahat şeýle hem daşky gurşaw, suw dolandyryşy, oba hojalygy, tokaý hojalygy, saglygy goraýyş, gyssagly kömek hyzmatlary we energiýa ýaly howanyň durnuklylygy bilen baglanyşykly möhüm pudaklaryň hünärmenlerini özüne çekdi. Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmak» atly sergi geçirildi.
Maslahat öz işini birnäçe bölümlerde dowam etdi. Olarda «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler», «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek: sebitleýin we milli çemeleşmeler», “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreler üçin maýa goýumlary meýilleşdirmek we çekmek boýunça çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişi” ýaly ugurlarda çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda tokaý giňişliklerini döretmek, ýerleriň suwarylyşy, Araly halas etmek, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ekologik meseleler döwlet derejesinde üstünlikli çözülýär, her ýylky ekilýän millionlarça nahalyň hasabyna ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň gerimi giňeýär. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy döwletimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdiriş boýunça strategiýalary işläp taýýarlamak üçin innowasion gurallar”, “Ýaşyl” köpri başlangyjy: Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenen goşantlaryň ýerine ýetirilişini tizleşdirmek we güýçlendirmek üçin innowasion tehnologiýalar”, “Merkezi Aziýada jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlaryň howanyň üýtgemegi babatda hereketleri”, “Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýada möhüm landşaftlary dikeltmek boýunça maksatnamasynyň sebitleýin utgaşdyryjy maslahaty” ýaly ugurdaş bölümçelerde mejlisler geçirildi. Olarda ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, tutuş adamzat üçin wajyp bolan howanyň üýtgemegi ýaly meseläni çözmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Rüstem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.