«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Gämi oba Medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan ösüşler, ýetilýän sepgitler dogrusynda gürrüň edildi. Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy üstünligi hakdaky buýsançly gürrüň söhbetdeşlikdäki çykyşlaryň özenini düzdi. Bellenilip geçilişi ýaly, «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolup, türkmen sportunyň şan-şöhratyny dünýäde belende göterilýändiginiň alamatydyr.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli sportuny dünýä derejesine çykaran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar