Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Mekdep okuwçylarynyň ýol hereketi boýunça bilimlerini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda, bu babatda ökde toparlary höweslendirmekde ähmiýetli bolan welaýat derejesindäki bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşikde ýol hereketiniň ýaş gözegçileriniň arasyndan iň başarjaň toparlar kesgitlendi.
Şeýlelikde, Tejen, Babadaýhan, Sarahs, Ak bugdaý etraplarynyň toparlary baýrakly orunlary eýeläp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň sowgatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlar döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Guwanç HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.