TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – MILLI GYMMATLYKLARYMYZ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy we şeýle mukaddes işler depginini gowşatman dowam etdirilýär. Mukaddesliklerimiziň ähmiýetini ýaşlara giňişleýin ýetirmek bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň biridir.

Şundan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilelikde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi ýazgy etdi. Olarda pederlerimiziň Watany söýmek, oňa wepaly bolmak barada galdyran wesýetleri, Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Döwlet berkararlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti, her bir milletiň Watan hakyndaky mukaddes düşünjelerini kesgitleýän gymmatlygy, her bir döwletiň Garaşsyzlygynyň kepili bolan mukaddes baýdagymyzyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzyň saýasynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýän döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.