PARAHATÇYLYK - AGZYBIRLIK

Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuş we ahlak kadalarynyň, milli däp dessurlarymyzyň ýaşlaryň gündelik durmuşynda amal edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki, adamyň ahlak we hukuk ýörelgeleri boýunça ýaşamagy; zähmetsöýerlik; dogruçyllyk; agzybirligi berkitmek, ulyny sylamak we kiçini hormatlamak; jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşýan we ösüşe oňyn täsir edýän adamkärçilikli, hoşniýetli hereketleri hem-de häsiýetleri halkymyzda gadym döwürlerden bäri hormatlanyp, häzirki günlere ýetirilen gymmatlyklardyr.

Pederlerimiz halkymyzyň edep kadalarynda aýratyn orny eýeleýän agzybirligiň we parahatçylygyň uly bir gymmatlykdygy baradaky hakykaty taryhyň “döwür” atly eleginden geçirip, häzirki günlerimize nesilden-nesle miras goýupdyrlar. Şu nukdaýnazardan, agzybirligi berkitmek, parahatçylygy saklamak edebi ýaş nesillerimiziň aňynda berk binýat bolup köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýan Bitaraplyk ýörelgesiniň esasynda hem agzybirligi, özara düşünişmegi berkitmegiň ösüşe iterýändigi, ösüş arkaly bolsa parahatçylygyň gazanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi, Türkmenistanyň ynamly alyp barýan daşary syýasy ugrynyň ählumumy ykrar edilmeginiň yzygiderlilik häsiýete eýe bolmagyna itergi berýär. Çünki, agzybirlik-parahatçylyk-ösüş halkara jemgyýetçiliginiň hem öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän döwründe ýetilen sepgitler döwletimiziň daşary syýasy arenasynda eýeleýän ornuna, bitaraplygyň ýörelgeleriniň ählumumy ähmiýetine we onuň BMG tarapyndan halkara derejesinde berkidilmegi boýunça kabul edilen çözgütleriň netijeliligine göz aýlamaga doly esas berýär. Bu döwür içinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň jemi üç gezek halkara derejede berkidilmegi, her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi, 2025-nji ýylyň bolsa, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly buýsandyryjy wakalar halkymyzyň parahatsöýüjilik ruhunyň dünýäde dabaralanmagy bolup durýar.

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar