Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Kim çalasyn?!» atly sport ýaryşy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy.
Okuwçy ýaşlardan düzülen toparlaryň arasynda bolan duşuşyklara gyzyklanma örän ýokary boldy. Ruhubelent ýaşlar sporta bolan söýgüsini, erjelligini we sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini ýaryşyň şertleri esasyndaky çykyşlarynda aýdyň ýüze çykardylar.
Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde «Älemgoşar» topary ýeňiş gazandy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.