IŇ SOŇKY JAŇ DABARA

Golaýda 25-nji maý “Soňky jaň” dabaralary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde ýaýbaňlandy. Şeýle ajaýyp günde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesinde hem 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. 2025-nji ýylyň uçurymlary üçin bu ýyl aýratyn ýyl bolup, “Türkmenistanyň on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna” esaslanyp ornaşdyrylan täze bilim ulgamynyň çäginde okuwy tamamlaýan ilkinji okuwçylary bolup taryha girdiler. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bu uly üýtgeşme, okuw ülňülerini halkara talaplara laýyklaşdyrmaga we okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin mümkinçilikleri giňeltmäge goldaw berýär. Geçirilen dabaraly çäräniň pursadynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlar, mugallymlardan, ene-atalardan we ýerli bilim edaralarynyň wekilleri tarapyndan gutlaglary aldylar.

Giň gerime beslenip geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň 31-nji orta mekdebini tamamlaýan öňdebaryjy uçurymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher

Gumdag şäherçe bölümçesiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar