AHALTEKE BEDEWLERI-TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI GYMMATLYGY

Berkararlygy, özbaşdak we özygtyýarly döwlet bolmagyny bütin ömrüne şygyrlarynda çeper beýan eden nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hasyl bolandygyny ýatlamak kalbyňa ylham nuruny çaýýar.

Bu günki gün özeninde türkmen halkynyň gadymyýetden alyp gaýdan hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly mizemez ýörelgelerini özünde jemleýän parahatsöýüji ýurdumyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we onuň hukuk binýadyny berkitmekde hem netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Medeni ýadygärlikleriň, maddy we maddy däl gymmatlyklaryň gorap saklanylmagynda ÝUNESKO-nyň möhüm we ähmiýetli orny bardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Şol döwürden bäri hem, ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda «Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans türkmen milli halyçylyk sungaty, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly ugurlar öz mynasyp ornuny eýelediler.

Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde 2023-nji ýylyň 5 — 9-njy dekabry aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň 24 agza döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi bolsa, bu sungatyň halkara derejesinde beýik ykrarnama eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Dogrudan hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofondyny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy- seçgiçilik işi alnyp barylýar. Çünki, tarypyna söz ýetmeýän behişdi bedewlerimiz türkmen halky üçin gymmatly mukaddeslikdir.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini wasp edýän «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary hem, behişdi bedewlerimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr, türkmeniň milli ruhunyň ýaňlanýan bagt owazydyr.

Ýeri gelende bellesek, aýlawlary baglan, ýedi yklyma at-owazasy ýaýylan türkmen bedewiniň şan-şöhraty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem barha dabaralanýar. Munuň şeýledigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga mynasyp bolmagy dolulygyna tassyklaýar.

Ýadymyzda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralyga görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhan atly bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi hem şöhratly bedewiň täze üstünliklerine ýol açdy.

Mahlasy halkymyzyň genji-baýlygyna, köňül buýsanjyna öwrülen türkmen bedewiniň at-owazasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bezeýär, gözelleşdirýär. Ol gözellikde bolsa erkanalyk, bagt bar.

Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ajaýyplygy, gaýtalanmajak gözelligi bilen umumadamzat gymmatlyklarynyň birine öwrülen bedewlerimiziň şan – şöhratyny täze belentliklere götermek üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.