Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.
Ýygnagyň dowamynda çykyş edenler ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz hakynda, olaryň nesil terbiýesindäki orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlarymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Narif BABAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň hojalyk
işleri boýunça esasy hünärmeni.