PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap birleşmesi, Çärjew etrap häkimligi hem-de Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Çärjew etrap polisiýa bölümi şeýle-de Çärjew etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Çärjew etrap Çagalar sungat mekdebiniň hem-de Çärjew etrap Farap şäher Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Çärjew etrap häkimliginiň maslahatlar zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatlyk aýdymy – asudalyk mukamy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresinde welaýatyň Çärjew etrap Çagalar sungat mekdebiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar hem-de ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp mukamlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny hem-de alkyş sözlerini aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Indiki makala

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 273 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 263 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1302 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR