Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasy, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasy hem-de “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport institutynyň sergi zalynda 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanýandyklary, olaryň jemgyýetiň we döwletiň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna ynamly gatnaşýandyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Şeýle hem, 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilýändigi, röwşen geljegimiz bolan bagtyýar körpeleriň söýgi we alada bilen gurşalyp alynýandygy barada aýratyn nygtalyp geçildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.