Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýene-de bir okuw ýyly uly üstünlikler bilen jemlenýär. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Bibitäç Çaryýewa hem 2024-2025-nji okuw ýylynda çagalar bakja-bagynda körpelere terbiýe bermekde, hünärini kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribesi bilen tapawutlanan bilim işgärleriniň biri hökmünde tapawutlandy. Ol her ýylda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň terbiýeçisi – 2025» bäsleşiginiň Döwlet tapgyrynda I orna mynasyp bolup welaýatymyzyň ähli terbiýeçilik işgärleriniň buýsanjyny artdyrdy. Ýaş terbiýeçi häzirkizaman tejribeleri öwrenýär, täze okuw-görkezme esbaplaryň üstünde işläp döredijilikli taslamalary bilen çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmaga işjeň çemeleşýär.
Her okuw ýylynda şeýle terbiýeçileriň sanynyň artýandygy, ezber we işine ussat pedagogik işgärleriň täze nesliniň kemala gelýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar.
Ýurdumyzda zehinli pedagogik işgärleriň täze nesliniň kemala gelmeginde, hünärleriň kämilleşdirilmeginde we körpe nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda yhlasly zähmet çekmek gör nähili bagt, bahasyna ýetip bolmajak mertebe.
Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
baş hünärmeni.