Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen etrabyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Körpeler türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgudyr-aýdymlary ýerine ýetirmek, şeýle hem öz ýaş aýratynlyklaryna göra berlen matematiki sowallara jogap bermek, matal-tapmaça aýtmak boýunça özara bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar sagdyn, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösen, zehinli ýaş nesilleri kemala getirmekde döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akmuhammet NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.