Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda “Çarlak” myhmanhanasynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak maksady bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmegiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmagyň, şeýle hem ýurdumyzda sporty ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.