Üzärligiň saglyk üçin peýdalydygy hakynda Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýankitaby», Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» kitaplarynda hem maglumatlar bar. XV asyr türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly kitabynda bolsa halkyň köp dertleriň dermany hökmünde üzärligi ulanandygy baradaky beýan etmeler duş gelýär.
Ata-babalarymyz üzärligi möwsümi gelende ýygnap, ony guradyp, tohumynyň, suwunyň, tüssesiniň dermanlyk häsiýetlerini bilýän adamlary haýyrly, sogaply iş edýän ynsanlar hökmünde sarpalapdyrlar.
Halkymyzda üzärlik hemme ýerde ösmeýär diýen ynanç hem bar. Üzärligiň özüne degişli bolan ekin ýerinde ýa-da mülk ýerinde, ýa-da edil howlusynyň çetinde ösüp oturandygyny gören adamlar begenýärler. Sebäbi üzärlige il arasynda keramatly ösümlik diýen ynanç bilen garalýar.
Halkyň içinde giňden ýaýran rowaýatlaryň aslyny derňeseň, köp halatlarda belli şahsyýetiň ylmy mirasy, akyldarlyk ýoly hakyndaky maglumatlar mälim bolýar. Türkmençilikde «Saglyk bolsa, gaýry zadyň bir alajy tapylar» diýilýär. Dünýäde köp zada erki ýeten ägirt adamlaryň hem saglyk, ylym-bilim, akyl-paýhas babatda goldaw isleýän wagtlary bolýar. Sebäbi saglyk, ylym-bilim, ýagny zehin bilen özleşdirilýän baýlyk, şeýle hem zandyňa we terbiýäňe bagly bolan akyl-paýhas öwezine göwher-tylla berip alynýan zat däl. Şonuň üçinem akyldaryň, alymyň we lukmanyň adamlara edýän kömegi taýsyzdyr. Olary ömür ýadyňdan çykaryp bolmaýar. Oba ýerlerinde özüni aldyryp «pylany mugallym», «pylany lukman», «pylany ýonaçy» diýip at alan adamlaryň hormaty juda uludyr. Şeýle adamlar ýaş nesilleriň mynasyp durmuş ýoluny tapmaklary üçin olara göreldedir.