Golaýda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Bagtyýar döwletiň sagdyn nesli biz» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde çagalar sportuň şaşka görnüşi boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşuryldy.
Gülruh ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.