Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 5-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň, bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabymyzyň sport mekdeplerine gatnaýan türgenleriň gatnaşmagynda «Sport – güýç, gaýrat» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmek, ýaşlarda sporta bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen sport çäresine gatnaşan türgenler sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryşdylar hem-de sport mekdebiniň tälimçileriniň ýolbaşçylyk etmeginde dürli bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdiler. Türgenleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde şeýle sport çäreleri uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Sport çäresiniň ahyrynda deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başaran türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Baýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.