Tomus paslynyň sapaly günlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralýan dürli medeni-çäreler giň gerime eýe bolýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen geçirilen döredijilik duşuşygy hem täsirli pursatlara beslendi.
Çykyş edenler ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda nygtap, merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalara türkmen halk ertekilerini okap berdiler. «Akpamyk», «Böwenjik», «Ýüz tylla» we «Akylly daýhan» atly türkmen halk ertekileri ruhubelent çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijiligi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.