DÖWLET Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gujur-gaýratyň we işjeňligiň kepili bolan bedenterbiýäniň we sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Yzygiderli guralýan halkara, sebitara sport-media forumlary, maslahatlary we sergileri ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini hem-de mümkinçiliklerini şöhlelendirýär. Şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hem-de öňe ilerletmäge ygtybarlylygy emele getirýär.
Milli Liderimiz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» kitabynda: «Garaşsyz Watanymyzyň halkara sport abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak hem-de ýokary netijeli sporty dabaralandyrmak biziň öňümizde goýýan baş maksatlarymyzyň biridir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki wagta çenli ýurdumyzda halkara derejeli iri sport toplumlary, döwrebap stadionlar, ýörite sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Ilatymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri jemgyýetimiziň gündelik durmuşyna ornaşdy. Ezber türgen ýigitleriň we gyzlaryň kemala gelmegi bilen dünýä we halkara derejesindäki sport bäsleşiklerinde ata Watanymyza wekilçilik edýän milli ýygyndy toparlaryň hatarlary berkedi. Döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen düzümlerini döretmekde çalt depginli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ilatynyň ähli gatlaklaryny sport bilen meşgullanmaga çekmek, tälimçilik we usulyýet işlerini öňdebaryjy ýurtlaryň ylmy-usulyýet esaslarynda ýokarlandyrmak, türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmak ugrundaky wezipelere maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çemeleşilýär. Bu babatda «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Resminamada Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlaryna ýokary taýýarlykly gatnaşmaklaryny hem-de olarda öňdäki orunlary eýelemeklerini üpjün etmek üçin, halkara derejeli ussat türgenleri we olaryň mynasyp şägirtlerini ýetişdirmek işiniň durnukly ulgamyny döretmek bellenýär. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin, sporta zehinli çagalary saýlap-seçmek, olaryň saglyk ýagdaýyny, beden we ruhy taýdan ösüşini, bäsleşiklere taýýarlygyny kesgitleýän synaglary işläp düzmek, olary sport mekdeplerinde, etrap, şäher, welaýat we döwlet derejelerinde basgançaklaýyn synagdan geçirmek, türgenleri çagalykdan halkara ýaryşlara gatnaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil şahsyýet edip ýetişdirmek, olaryň saglygyna berk gözegçilik etmek we höweslendiriş ulgamyny ulanmak ýaly birnäçe işleri durmuşa geçirmek, ýörite tälimçileriň bolmagyny gazanmak bellenýär.
Sport ulgamynyň milli we halkara derejesinde rowaçlyklara ilerlemegi onuň döwrebap hukuk esaslarynyň bolmagy we berkidilmegi bilen şertlendirilýär. Sagdynlygyň girewi bolan, şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilen sport syýasatynyň kanunçylyk binýady Esasy Kanunymyzda döwletimiziň sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigini kesgitleýän kadalardan gözbaş alýar. Hususan-da, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetimizde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmegi maksat edinýär. Bu Kanuna laýyklykda, türgenler sportuň görnüşini saýlamaga we şol boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşmaga, sport çäreleri geçirilende howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, zähmet we raýat-hukuk şertnamalaryny baglaşmaga, maddy-tehniki, lukmançylyk, ylmy-usulyýet we gaýry üpjünçiliklere bolan hukuklardan peýdalanýarlar.
Berkarar döwletimizde sporty kämilleşdirmek babatda giň gerimli çäreleriň günsaýyn artýandygyna bolup geçýän düýpli öňegidişlikleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bagtyýar watandaşlarymyz hem şol şanly wakalaryň şaýatlary, ussat türgenlerimiz bolsa, iri möçberli halkara bäsleşikleriniň işjeň gatnaşyjylary hem-de ýeňijileri bolýarlar. Halkara sport baýramçylyklarynyň hatarynda güneşli Diýarymyzyň ýyl ýazgysyny şan-şöhrata beslän, merjen paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilendigi, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny janlandyran «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň döwrebap guralandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Şonuň ýaly-da, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň gözel paýtagtymyzda ýokary taýýarlykly garşylanmagy has-da guwançlydyr. Munuň özi Türkmenistany ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly, asuda, abadan döwletleriň biri hökmünde tanadýar.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde ak mermerli Aşgabadyň saýlanyp alynmagy ata Watanymyzda halkara abraýly sport baýramçylygyny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny, ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini şöhlelendirýär. Güneşli Diýarymyzda sportuň sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanýandygyny tassyklaýar. Bu bolsa, türkmen halkynyň agzybirlik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däp-dessurlarynyň nusgalyk göreldesini dabaralandyrýar.
Olimpiýa şäherçesinde badalga berlen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly hem-de guramaçylykly ýagdaýda geçirilmegi ýurdumyzyň milli sport ulgamynyň taryhy sahypalaryny bezär. Bu sport baýramçylygy dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna, pähim-paýhasly, düýpli esaslandyrylan beýik taglymatlaryň dabaralandyrylmagyna ýardam eder. Eziz Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky hoşniýetli gatnaşyklarynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny şöhratlandyrar. Halkymyzyň buýsanjyny, sport janköýerleriniň şatlygyny goşalandyryp, ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrar. Türkmenistanyň sport babatdaky at-abraýyny dünýäniň öňünde arşa göterer.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
08.11.2018ý.