SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI — GELJEKKI ÝAŞLARYŇ GÖRELDESI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Ýolöten şäher Psihonewrologiýa çagalar öýünde zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — geljekki ýaşlaryň göreldesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap Polisiýa bölüminiň derňew bölümçesiniň sülçüsi, polisiýanyň kapitany Gurban Jümmiýew dagylar çykyş edip, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş nesilleri ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn edip ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.