Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, kabul edýän Kararlaryny, Permanlaryny, ýaşlara düşündirmek maksady bilen. «Ýaşlar siziň bilen Arkadagly Gahryman Serdarmyz» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlarymyza döredilip berilýän giň mümkinçilikler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» ikinji sammitine gatnaşmagynyň taryhy ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Söhbetdeşlik çäresine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şamyrat PIRMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.