«PYRAGYŇ ARZUWLAN AJAP ÇAGYNDA, ÖS SEN MEDENIÝETIM, GÜLLE SUNGATYM»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli talyp ýaşlaryň, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda «Pyragyň arzuwlan ajap çagynda, ös sen medeniýetim, gülle sungatym» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Aýdym-sazly dabara diýseň täsirli bolup, onda medeniýetde we sungatda öçmejek yz galdyran halypa aýdymçylaryň aýdymlary ýaňlanyp, çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Medeniýet hepdeliginiň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Ahal welaýatynyň Ak öý binasynda geçirilmeginde hem uly many bardyr.

Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmekde hem-de bagtyýar türkmen ýaşlarynyň döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

25 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI