Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap Geňeşleriniň Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň etrap polisiýa bölümleri bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur almak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň aň-bilim, ruhy we beden taýdan ösüşini, olaryň watansöýüji, ýokary ahlakly, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň gatnaşmagynda Bagtyýarlyk sport toplumynda sportuň ylgamak, tanap çekmek, küşt we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Gyzgalaňly geçen çäräniň dowamynda erjellik bilen bäsleşen çagalara guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.