Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda giňden dabaralanýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşige Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk Medeniýet öýüniň müdiri Ogulşat Gurbanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni Amangül Gurbanowa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Bagtygül Taganowa dagylar gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň ýokary hilli döwrebap, kämil eserleri döretmekleri, erkin zähmet çekip, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin döredilip berilýän mümkinçilikler hem-de Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyna ajap eýýamy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.