Tomusky dynç alyşdaky çagalaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi «Ülkäm beslenýär gözellige» atly şygar astynda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige okuwçylaryň 16-sy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň çeken suratlarynda bäsleşigiň şertlerine görä Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, milli däp-dessurlarymyz, bagtyýar çagalygyň, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyň çeper keşbi öz beýanyny tapdy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň çeken suratlaryny synlap, «Ülkäm beslenýär gözellige» atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerine şeýle hem işjeň gatnaşan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Serdar GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.