Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň Akdepe etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli «Watançy şahyry ýatlap» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň we kitaphanaçylaryň hem-de ýaş şahyrlaryň şahyry ýatlap goşgulary okalyp, onuň ömür ýoly barada giňişleýin beýan edildi hem-de şahyryň kitaplaryna syn berildi. Onda merdana halkymyzyň gerçek ýigitleriniň taryhyň dürli döwürlerinde ata Watany goramak üçin ata çykan pursatlary sanardan köpdür. Emma, bu ýolda halky Watançylyk ruhunda terbiýelemek, üstesine muny şygryýet üsti bilen amal etmek aýratyn zehin bolup durýar. Ine, şeýle watançy şahyrlarymyzyň biri hem Seýitnazar Seýdidir. Seýitnazar Seýdi öz döwründe ata Watany goramaga çagyryş bilen seslenen, bu ugurda ençeme goşgy setirlerini döreden türkmen edebiýatynyň beýik söz ussatlarynyň biridir. Şahsyýeti kemala getirmek we oňa mynasyp terbiýe bermek hemişe türkmen halkynda däbe öwrülen kadadyr. Bu terbiýe ýoluny bolsa ilkinji nobatda watançylyk terbiýesinden başlamak zerurdyr.
Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp «Hakyda göwheri» atly eserinde şeýle belläp geçýär: «Eziz halkymyzyň ykbaly beýikler bilen baglanyşýar, ajaýyplyklar bilen sazlaşýar. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar beýik taryhy döredýär» Hakykatdan-da Watançy şahyr ýaş nesillere edep-terbiýäniň iň esasy sütüni bolan ata Watana söýgä ýugrulan ajaýyp eserleriniň uly toplumyny miras goýup gitdi. Elbet-de, söz ussadynyň döreden bu ajaýyp şygyrlary geljek nesilleri ahlakly we Watançy edip ýetişdirmäge uly ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ussat şahyryň baý medeni mirasy çuňňur öwrenilýär. Seýitnazar Seýdiniň «Görülsin indi», «Baraly begler», «Dönmenem begler» we başgada birnäçe goşgylary aýdym-saz sungaty bilen utgaşdyrylýar. Watançylyk mekdebine öwrülen bu ajaýyp aýdymlar halkyň kalbynda öz mynasyp ornuny tapýar. Watan duýgusy, watana bolan mukaddes söýgi bize pederlerimizden miras galypdyr. Türkmeniň müň ýyllyklaryň içinden geçip şu günki Garaşsyzlyk täze Galkynyş döwrümize sag aman gelmegi başarmagy-da pederlerimiziň Watana çäksiz söýgüsiniň, duýgusynyň netijesidir. Bu barada Seýdi ynamly sözleýär:
Watan üçin çykdym Gyrat üstüne,
Tä janym çykýança dönmenem begler.
Bu pikir diňe bir Seýdiniň däl külli türkmeniň ynanç ygtykadynyň şahyrana zybana getirilmesidir diýip belläp geçdiler.
Soňra nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasynyň belent tutulyp, döredijilik duşuşyklaryny, edebiýat agşamlaryny geçirmäge mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Azada ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.