Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Biz ruhubelent çagalar» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi.
Gökderäniň goýnunda wagtlaryny şadyýanlykda geçirýän çagalar ylgaw, küşt, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşdylar hem-de sporta bolan höwesleriniň ýokarydygyny görkezdiler. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlanan ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sylaglanyş dabarasynda çagalar şeýle bagtyýar döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşajyk kalplaryndan çykýan çäksiz alkyş sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.