BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

Eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagyna, okamagyna, öwrenmegine, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy we beden taýdan sagdyn, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

“Arkadagyň bagtyýar nesilleri” sagaldyş we dynç alyş merkezinde şadyýan pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny kitap okamak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, surat çekmek, küşt oýnamak, aýdym aýtmak, saz çalmak, sport bilen meşgullanmak bilen wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Ýakynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary» atly türkmen milli oýunlary boýunça köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Çärä bu ýerde dynç alyp, wagtyny hoş geçirýän körpeler işjeň gatnaşyp, olaryň şatlykly sesleri, aýdym-sazyň owazy belentde ýaňlandy.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merdan BEKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 0 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

08 Iýul 2025 | 19 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 14 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY