Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlaryna döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, olaryň dürli ugurlarda işjeňligi barha artýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler” atly gurnagyň nobatdaky duşuşygy, munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu duşuşyga ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş telekeçiler, sanly ulgam boýunça tejribeli hünärmenler, startap ýolbaşçylary, programmistler we döredijilikli ýaşlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň arasyndaky sanly ykdysadyýet baradaky düşünjeleri ösdürmek, ýaş telekeçileriň maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyny gazanmak, şeýle-de olaryň sanly bazarlara çykmagyny ýeňilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş eden bilermenler sanly ykdysadyýetde täze başlangyçlary öňe sürmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuna aýratyn üns berdiler. Olar häzirki wagtda dünýäniň innowasiýalar döwrüne gadam basandygyny, bu ýagdaýda bolsa sanly ulgam bilen işleşmegiň ýaşlar üçin diňe bir mümkinçilik däl, eýsem zerurlyk bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, guralýan işi sanly giňişlikde başlamak üçin degişli platformalar, elektron söwda usullary, marketing strategiýalary we maglumat howpsuzlygy bilen bagly meseleler we olaryň çözgütleri hakynda giňden söhbetdeşlik edildi. Öz gezeginde ýaş telekeçiler hem özleriniň taslamalary, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan tejribeleri barada çykyş etdiler.
Bu duşuşyk gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyryp, özara pikir, tejribe alyşmak, utgaşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleriň döreýän meýdançasyna öwrüldi. Gurnagyň ahyrynda, gatnaşyjylar şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi ýaşlaryň öňe ilerlemegine, olaryň özbaşdak ykdysady başlangyçlaryny durmuşa geçirmegine oňyn täsir ýetirýändigini nygtamak bilen ýaşlara döredilýän ähli mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Bahargül AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky
“Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň
çaphana bölüminiň müdiri.