ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

Ýaş nesliň döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli etrabyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Ýylymyzyň şygary – ýolumyzyň çyragy» atly surat bäsleşigi geçirildi.

Çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyran bu surat bäsleşigi diýseň täsirli bolup, onda körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde tapawutlanyp ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşýanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Ogulnar ANNAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Iýul 2025 | 31 okalan

GADYMY TARYHYM – HAZYNA GENJIM