Ýakynda, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar tomusky dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda «Şadyýan tomus – bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlaýyn bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşikde çagalar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň ählisi ýurdumyzda çagalaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Azat MUHIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.