AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MEKANY

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly senäň bosagasynda. 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyna häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Elbetde bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we degişli Karary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bu döwletler hem-de olaryň hyzmatdaşlary üçin ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmak babatda oňyn mümkinçilikleri döreder. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde häzirki wagtda halkara forumyň we onuň ugurdaş çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli tagallalar edilýär. Bu forumyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, ýagny Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerine işjeň gatnaşýandygyny hem-de parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda netijeli tagallalary edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Hazaryň ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem häzirki wagtda halkara derejesindäki maslahatlary we forumlary geçirmek üçin doly infrastruktura bilen üpjün edilen türkmen myhmansöýerliginiň merkezidir.  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ähli amatlyklar döredilen köp sanly döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, seýilgähler, kongres zallary hem-de ekologiýa taýdan arassa infrastruktura bilen üpjün edilen bu zolagyň Hazaryň kenarynda bolmagy, forumyň diňe bir syýasy we ykdysady ähmiýetini däl, eýsem ekologik strategiýalaryny açyp görkezýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatyna üstünlikler arzuw edýäris. Oňyn özgertmeleri we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy we çäksiz alkyşlarymyzy aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 16 okalan

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

30 Iýul 2025 | 278 okalan

ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

28 Iýul 2025 | 59 okalan

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ GELJEGI