ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY – WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYGYNYŇ NYŞANY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, Bagtyýarlyk etrap Geňeşleriniň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň iň bir ajaýyp dynç alyş ýerlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň hem-de körpeje nesilleriniň işjeň gatnaşmagynda «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma goýberilýän «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşigi ýazgy edildi.

Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde paýtagtymyzyň ajaýyp seýilgählerinde çagalar wagtlaryny gyzykly we hoş geçirýändikleri barada söhbet etdiler. Şeýle-de gepleşige gatnaşan körpeleriň Watanymyzy, şadyýan çagalygy wasp edýän goşgylary we aýdymlary diňlenildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, çagalaryň döwrebap bilim almaklary, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary hem-de dynç alyş möwsümlerini hoş geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Iýul 2025 | 25 okalan

ÜZÜMÇILIGIŇ TARYHY