ÝAŞLARYŇ TAGALLALARYNY BIRLEŞDIRIP

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň her bir güni şöhratly wakalara,         toý-baýramlara beslenýär. Şeýle möhüm wakalaryň biri-de şu ýylyň 4 ― 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatydyr. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken bu forum Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy boýunça şeýle wajyp forumyň ýurdumyzda geçirilmegi eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda öňe sürýän strategiýasyna ýokary baha berilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem bu forumyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz maslahatyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, ýakynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda alnyp barylýan taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň guramaçylyk döwlet toparynyň
BMG-niň howandarlygynda guralýan ýokary wekilçilikli bu forumyň taýýarlyk işlerine bagyşlanan maslahaty geçirmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Ýeri gelende, halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik,                  söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreleriň ençemesiniň meýilleşdirilýändigini bellemelidiris. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günlerini, umuman, çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýaşlar forumy hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary,           ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, watançy şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz — ýaşlara döwletimiz tarapyndan ähli babatda doly goldaw berilýändigi bolsa täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllarda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we beýleki resminamalar kabul edildi. Munuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar döwrebap bilim alýarlar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler,       jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, döredijilik işi bilen meşgullanýarlar. Bu babatda ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçiriljek ýaşlar forumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň
«Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýändigini nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda BMG-niň syýasy resminamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekde, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibini bilelikde amala aşyrmakda ýaşlaryň dialogy işjeň ösdürilýär. Şonuň esasynda dürli ýurtlardan geljek ýaşlaryň arasyndaky duşuşyklar durnukly ösüşiň umumy wezipelerini kesgitlemek we olary netijeli çözmek işini has-da giňeltmäge ýardam berer.

Goý, halklaryň arasynda dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

 

 

Annamyrat MYRADOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar