ÝUNESKO — BÜTINDÜNÝÄ MEDENI MIRASY GORAÝJY GURAMA

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, onuň merkezi Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Guramanyň döredilmeginiň esasy maksady dünýäde bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakdyr.

ÝUNESKO-nyň işiniň iň möhüm ugurlarynyň biri-de dünýäniň medeni we tebigy mirasyny gorap saklamakdyr. Bu ugurda ÝUNESKO Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny düzýär. Bu sanawa adamzat taryhynda, medeniýetinde, binagärliginde we tebigy gözelliginde aýratyn ähmiýete eýe bolan ýerler we desgalar girizilýär. Bu sanawa girizilen ýerler halkara derejesinde gorag astyna alynýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler bu sanawa girizilen ýerleriň hataryna degişli bolup, olar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň gymmatlygydyr.

ÝUNESKO bilim ulgamynda hem giň gerimli işleri alyp barýar. Dünýäniň dürli künjeklerinde bilim derejesini ýokarlandyrmak, hemmeler üçin elýeterli bilim ulgamyny döretmek bu guramanyň esasy maksatlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň çäginde ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar hem möhüm orny eýeleýär. Bu gurama «Adam we biosfera», «Geoparklar» we beýleki ylmy taslamalaryň üsti bilen tebigaty goramak, durnukly ösüşi gazanmak we global meseleler boýunça ylmy çözgütleri işläp düzmek ýaly başlangyçlary öňe sürýär.

Netijede, ÝUNESKO diňe bir taryhy we medeni gymmatlyklary goramak bilen çäklenmän, bilim, ylym we medeniýet arkaly dünýä halklarynyň arasynda düşünişmegi, agzybirligi ösdürýän möhüm halkara guramalarynyň biridir. Onuň alyp barýan işleri parahatçylykly geljegiň gurluşygyna mynasyp goşant goşýar. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.