ÝUNESKO dünýäde möhüm halkara gurama bolup, onuň esasy maksady bilim, ylym we medeniýet arkaly adamzadyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmekdir. ÝUNESKO-nyň düzümine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy girýär. Guramanyň baş wezipeleriň biri-de, ähli ýurtlaryň medeni mirasyny goramakdan, ýaşlara onuň ähmiýetini düşündirmekden we medeniýetleriň köpdürlüligini hormatlamakdan ybaratdyr. ÝUNESKO tarapyndan guralýan halkara forumlar, sergiler, okuw sapaklary hem-de medeniýet hepdelikleri ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy 1993-nji ýyldan bäri dowam edýär. Türkmenistan tarapyndan taryhy-medeni ýadygärlikleriň üçüsi, ýagny Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ähmiýetli ädim ýurdumyzyň baý taryhynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine ýol açdy. Şeýle hem, türkmen halysy, dutar we bagşyçylyk sungaty hem-de beýleki birnäçe milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry ekologiýa we tebigaty goramak bilen baglydyr. Türkmenistanyň Köpetdag we Garagum sebitlerinde biologiki dürlüligi goramak maksady bilen, biosfera sebitleriniň döredilmegi baradaky işler ÝUNESKO bilen bilelikde alnyp barylýar. Aral meselesi bilen bagly ylmy taslamalara hem gurama işjeň gatnaşýar. Şeýlelikde, ÝUNESKO diňe bir halkara derejesindäki medeni mirasy goramak bilen çäklenmän, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýän, ýaş nesli parahatçylyk ruhunda terbiýeleýän, tebigata, ylma we bilime uly ähmiýet berýän guramadyr. Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy bolsa, halkymyzyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde tanalmagyna uly ýol açýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine gönükdirilen çäreler barha rowaç alýar. Bu ugurda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Laçyn BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.