ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösdürilmegi bilen, döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, ekologiki taýdan arassa senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär.

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup ulanylmaga berlen, geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy medeniýet günleriniň çäklerinde uly dabara bilen bellenip geçildi.

2025-nji ýylda «Dünýäniň sport paýtagty» diýen hormatly adyna eýe bolan Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň nobatdaky uly ýeňşi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ilkinji aýynda ýurdumyz, galyberse-de, Arkadag şäherimiz üçin gazanylan uly üstünlik bolup, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

«Arkadag» futbol toparynyň hem Türkmenistan boýunça ýokary liganyň bassyr ýedinji gezek çempiony adyna eýe bolmagy, şonuň bilen birlikde-de, 2024/25-nji ýyl AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogy ugrunda Kambojanyň «Preah Han Riç Swaý Rieng» topary bilen duşuşyp ýeňiş gazanmagy bu aýdýanlarymyza doly güwä geçýär.

Halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli binagärlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Arkadag şäheri geljegiň we dünýäniň «akylly» şäheri bolup, bu ugurda adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýagty geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 16 okalan

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

30 Iýul 2025 | 278 okalan

ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

28 Iýul 2025 | 59 okalan

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ GELJEGI