AWAZA FORUMY – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4-8-nji awgustynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň  gatnaşmaklarynda Daşoguz myhmanhanasynda «Awaza forumy – durnukly ösüşiň bähbidine» atly brifing geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjy ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen çykyş edenlere ýüzlendiler we özleriniň beren sowallaryna kanagatlanarly jogap tapdylar. Şeýle hem, çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek forumyň taryhy ähmiýeti we görülýän guramaçylyk işleri hem-de bu geçjek maslahatyň ýaşlar üçin has-da ähmiýetli boljakdygy barada buýsançly gürrüňler etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Abul HAÝTBAÝEW,

 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň Umumy bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar