MAŞGALA MUKADDESLIGI

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda “Maşgala mukaddesligi” ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ata Watanymyzyň beýik ösüşleridir özgertmeleri ýaşlar hakda edilýän aladalar aýratyn nygtalyp geçildi. Şeýle hem ajaýyp ýaşlygyň –her bir ýaş adamyň paýyna düşýän bagtygy, ondan dogry peýdalanmagyň, zähmet, söýgi, döredijilik bilen bezemegiň zerurdygy, geljekki ömrümiziň nurynyň öz güýjüni şu günki ýaşlygymyzyň şuglasyndan alýandygy, şonuň üçin ýaşlygyň gymmatyny bilip, ony manyly we pähim-parasatly geçirmegiň iň beýik üstünlikleriň biridigi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 4 okalan

BITARAPLYK ÝURDUŇ GOŞA GANATY

06 Awgust 2025 | 3 okalan

WATANYMYZYŇ MERDANA GORAGÇYLARY

06 Awgust 2025 | 6 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI