Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň okap öwrenmegi we saýlap alan hünäriniň eýesi bolmak üçin uly mümkinçilikler şertler döredilip berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 2025 – 2026-nji okuw ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli mekdebe gatnaýan çagalary bar bolan ata-eneler eýýämden çagalaryny mekdebe taýýarlaýarlar, ýokary we orta hünär okuwlaryna giren talyp ýaşlarymyz bolsa, talyplyk döwrüne başlamak üçin Türkmenistan döwletimiziň ähli bazarlarynda, söwda nokatlarynda, söwda we dynç alyş merkezlerinde ýaşlarymyz üçin gerek bolan mekdep lybaslary we okuw esbaplary: gyzlar üçin ýaşyl penjekler we milli nagyşly köýnekler, bantlar, oglanlar üçin köýnekler, penjekler we galstuklar hem-de dürli görnüşli okuw esbaplaryny, kanselýariýa we mekdep esbaplaryndan başga-da, bu ýerde rýukzaklar, talyp portfelleri we torbalaryny satyn alýarlar.
Elbetde bagtyýar türkmen ýaşlary üçin bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumbilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde, bilim edaralarynda täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim berilýändigini ýene bir ýola doly tassyklaýar.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli ýaşlarmyz bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.